SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

03-nji Aprelde ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 03-nji  apreldaky  täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün ýoluňyzda ýüze çykjak päsgelçilikleri aňsatlyk bilen ýeňip geçersiňiz. Gereksiz  streslerden  gaça durmaga we has çalt üstünlik gazanmaga kömek eder. Kärdeşler bir  zat barada siziň bilen ylalaşman bilerler  ýöne olary ynandyrmak kyn bolmaz. Üstünlikli geleşikler, iş saparlary islenýän netijäni getirer. Agşam öýüňizi tertipläp  ownuk öý meselelerini çözüp başlasaňyz gowy bolar. Ýakyn adamlaryňyz size aýratyn üns bererler  we hemme zatda sizi goldamaga synanyşarlar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu güni iş duşuşyklaryna  gepleşikler  bilen başlap  täze bir iş alyp bilersiňiz. Kyn ýagdaýlarda-da köşeşmek aňsat bolar. Kärdeşleriňiz size goldaw bermäge şat bolarlar.Gysga dynç alyş saparlary kynçylyksyz geçer, iş saparlary hem üstünlikli bolar. Bu gün sport bilen meşgullanmak  ylgamak, halaýan sportuňyzy oýnamak size özüňizi gowy duýmaga kömek eder.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Iş duşuşyklary gaty gowy bolar. Ýolbaşçylar bilen işleşmek gaty amatly bolar  we  käbir meseleleriňiziň özleri çözüler. Şeýle-de bolsa   kän bir zat etmeli däl we hemme zady ýeke özi çözmäge synanyşmaly dälsiňiz.Ýakyn adamlaryňyz  siziň kömegiňize  mätäç bolarlar.Meseleleriňizi  çynlakaý ara alyp maslahatlaşmagyň zerurlygy ýok, diňe agşamy bilelikde geçirip, gyzykly bir zat hakda gürleşmek has gowudyr.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün işiňiz bilen baglanyşykly okuw ýa-da ussatlyk sapaklary üçin amatlydyr. Iş saparlary üstünlikli bolar. Köp Seretanlar  peýdaly aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik alar. Käwagt düşnüksiz ýagdaýlar ýüze çykyp biler, ýöne howsala düşmersiňiz we aladalanmarsyňyz, çalt düşünersiňiz.Iş üçin käbir peýdaly zatlary satyn alyp bilersiňiz. Söýgüliňiz bilen aragatnaşykda dartgynly pursatlar bolup biler, ýöne hemme zady çalt tertipläp bilersiňiz.

 Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün ýakynlaryňyz bilen  görüşmek  üçin kän wagt bolmaz, sebäbi çözmeli köp mesele bar. Ileri tutulýan ugurlary dogry kesgitlemek we derrew hakykatdanam çynlakaý meselelere ünsi jemlemek möhümdir. Munuň üçin käbir Esetler  hiç kimiň päsgel bermezligi üçin aragatnaşygy çäklendirmeli bolar.Şahsy durmuşyňyzda hemme zat gowy bolar. Eger ýakyn adamyňyz agşamy öýden uzakda geçirmegi teklip etse, razy boluň. Bu başda gowy pikir ýaly bolup görünmese-de, ahyrky netijeden hoşal bolarsyňyz.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbüle erkekleriň şahsy durmuşyndaky meseleler hakda çynlakaý pikirlenmegine sebäp boljak ýygnak ýa-da çäre bolar. Sünbüle gyzlara gereksiz gatnaşyklary kesmegi we täze tanyşlyklary yza süýşürmegi maslahat berýärler – lapykeçlik, gözýaş, gahar-gazapdan daşda duruň. Günüň ikinji ýarymynda size ýakyn adamlar bilen baglanyşykly şatlykly habarlar hem aýrylmaýar.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün asuda bolarsyňyz . Başlan zatlaryňyzy tamamlaň geljege meýilnama düzüň, täze teklipler hakda pikir ediň ýöne howlukmaç karar bermäň. Örän möhüm bir zat etmeli bolsaňyz uzak wagtlap goýmaň. Halaýan işiňiz üçin wagt tapmaga synanyşyň, bu ruhuňyzy göterer we ylham berer.Agşam, keýpiňiz erbetleşip biler. Bu ýakynlaryňyzyň özüni alyp barşy başarnyksyzlygy we sizi ownuk-uşak zatlara çekmek islegi bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal. Arkaýynlygyňyzy saklamaga synanyşyň we hiç kim bilen dawa etmäň. Soňky wagtda oňyn tendensiýalaryň täsiri artar we hemmeler bilen düşünişmek aňsatlaşar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Adatdakysyndan has sabyrsyz bolarsyňyz. Bu size işiňizi wagtynda tamamlamagyňyza päsgel berip biler. Günüň başynda  kyn  meseleleriňiz  bilen iş salyşyň.Agşam köp adamlar  siziň bilen söhbet etmek islärler. Şeýle hem ýakynlaryňyz  size goldaw bermäge we artykmaç stresden dynmaga kömek eder.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Bu gün çözüp bolmajak meseleler bolmaz. Öz-özüňi dolandyrmak we käbir işdäki kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Ýakynlaryňyza we dosltaryňyza  bil baglasaňyz  size biderek hereket etmäge ýol  bermezler.Köp zat  aňsat bolmaz  ýöne isleseňiz hökman edip bilersiňiz.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Häzirki wagtda töweregiňizdäkiler aýratyn ünsüňize we goldawyňyza mätäç bolarlar. Käbir Jediler buwagt ähli işlerini taşlap ýakyn  adamlarynyň  problemalaryna ünsi jemläp bilerler. Şeýle hem meýilleşdirilmedik bir zadyňyzy satyn  alyp bilersiňiz. Uzak wagtlap göwnüňize ýarajak zatlary saýlarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Köp zat üçin wagtyňyz bolar.Bu  gün işli we hasylly bolar. Köpçülikleýin çärelere çykyşlara gepleşiklere gatnaşmak üçin amatly. Şeýle işli günden soň, adatdakysyndan has ýadaw bolup bilersiňiz. Agşamy öýde ýakynlaryňyz bilen wagt  geçiriň. Dynç almaga we güýç toplamaga synanyşyň.

 Hut (balyk21.02 – 20.03) 

Bu gün  iş meseleleriňizi çalt çözüp bilersiňiz. Özüňiz üçin iň ýokary maksatlary goýup bilersiňiz: islän zadyňyza çalt ýetip bilersiňiz. Köp Hutlaryň  häzirki wagtda başdan geçirmeleri bolar. Belginiň şeýle wekilleri öz pozisiýalaryny berkitmek we bäsdeşlerini yzda galdyrmak mümkinçiligini elden gidirmezler.

Ýene-de okaň

18-nji Aprelde ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

17-nji Aprelde ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

16-njy Aprelde ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (15-nji-21-nji aprel)

15-nji Aprelde ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Aprelde ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama