TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

02-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 02 -nji  dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar öz hususy, öňden bäri soňa goýup gelýän işini etseler dogry bolar. Gören adama kömek edip ýörseňiz ýeňilersiňiz. Saglygyňyzyň aladasyny ediň. Iýmite üns beriň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün ýyldyzlar sowurlara hiç ýere gitmezligi maslahat berýärler. Her niçigem bolsa, bu gün dawa-jenjellerden we gybatlardan uzak durmak has gowudyr. Ýogsam, ähli energiýaňyzy we nerwiňizi sarp edip bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün jöwzalar eden işleri hakynda oýlanyp, işleriniň jemini jemlemeli bolarlar. Çünki bu gün sizde dogry netije çykarmak üçin öz-özüňizi tankytlamak ukybyňyz bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlarda täze, özboluşly we gowy, emma durmuşa geçirmek üçin entek wagty gelmedik pikir dörär. Bu pikiriňizi edil häzir içiňizde saklamak möhümdir. Çünki ýaňy dörän wagty dünýä äşgär etseňiz, ol tankyda çydaman, ýok bolup gitmegi mümkin. Herki zadyň öz wagty bardyr. Güýçlenmek üçin pikiriňize wagt beriň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün esetler garşylyksyz birine kömek etmeli bolarlar. Size asyllylygy we çydamlylygy görkezmek maslahat berilýär. Çünki häzirki wagtda ol size diýseň peýdaly bolar. Gaharyňyzy basyp ýatyrjak boluň. Meditasiýa ediň, arassa howada gezelenç guraň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleler birinden maslahat soramaly bolar. Emma, gülkünç ýa-da sada görünmekden gorkmaň! Çünki bu gün, işiň dogry amala aşmagy we üstünliklere beslenmegi üçin eliňizden gelenini etmeli bolarsyňyz. Ýadyňyzdan çykarmaň, “Bilenini soran alym, soramadyk adam özüne zalym!”

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar özlerine wagt aýyrmaly bolar. Biraz dynç almaklyk, özüňize seretmek hakynda pikir ediň. Bu gün köp işleseňiz, munuň peýdasy az bolar, ýöne zyýany bolsa, size juda täsirli bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar biraz haýallamaly bolarlar. Ýyldyzlar duýduryş berýärler: eger siz wagtynda säginmegi, haýallamagy başarmasaňyz, otlyňyz islenýän duralgadan geçip gidip biler. Howlukmaň, hemme zat öz wagtynda bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün kowuslar beýlekileriň paýhasyna we ugurtapyjylygyna mätäç bolarlar. Bu gün öňe çykmazlyk, saýlanmazlyk maslahat berilýär. Sowukganly bolmaklyga çalyşyň. Gerekli ýerinde diplomatik başarnyklaryňyzy ulanyň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler özlerine dynç almaga rugsat bermeli. Iň bolmanda günüň ikinji ýarymynda. Eger beýle edilmese, organizmiňiziň özi sizi “rahatlandyryp” biler. Bu siziň göwnüňize ýaramasa gerek.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün daluwlar hatda özlerini-de geň galdyryp biler. Dogry, munuň üçin size köp sabyr gerek bolar. Bu babatda bolsa, sizde kynçylyk bolup biler. Saglygyňyzyň aladasyny ediň. Ulularyň pikirlerine, berýän maslahaylaryna gulak asyň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün hutlar gürleýän sözlerine aýtatyn üns bermeli bolarlar. Ýedi ölçäp bir kesiň! Bu gün pikirleriňizi we islegleriňizi özüňizde saklaň. Çünki ýanyňyzdakylaryň haýsysynyň dostdugyny ýa duşmandygyny doly derejede bilip bilmeýärsiňiz.

Ýene-de okaň

03-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

02-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Aýyň täleýnamasy: Fewral

Teswirle