TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

01-nji awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 01-nji awgustdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Näme bolsa-da, hamallara maglumat azlygy howp salmaýar! Emma olara myş-myşlaryň we gybatlaryň atmosferasyna girmek howp abanýar. Hatda hamallar ýalan gepleri özüniň nähili ýaýradýandygyny duýman hem biler. Şeýle-de bolsa, özgeleri tankyt etmekden saklanyň. Ýogsam, beýlekiler bilen gatnaşygyňyzy çylşyrymlaşdyryp bilersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Häzir sowurlar üçin ýagtylyga çykmak gaty peýdaly. Jemgyýetçilik, köpçüligiň ýygnanýan ýerlerinde bolmak size aýratyn lezzet berer. Mysal üçin, moda klubyna, täze filmiň premýerasyna ýa-da gyzykly sergä baryp bilersiňiz. Hut şu ýerlerde sowurlaryň garaşylmadyk tanyşlyk üçin ähli mümkinçilikleri bar, bu bolsa onuň ykbalyna gaty peýdaly täsir eder.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar bu gün öýde hakyky dynç alyş gurnasa, dostlaryny myhmançylyga çagyrsa gowy bolardy (esasanam köp wagt bäri görmedikleri). Baýramçylygy haýsydyr bir waka ýa-da senä baglamagyň zerurlygy ýok, ýönekeý dostlukly ýygnaklary gurnap bilersiňiz. Bu gün geň galdyryjy gyzykly we ak ýürekli boljakdygynyň ähtimallygy uludyr.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Gününi dört diwaryň içinde oturyp geçirmek pikir seretanlara düýbünden ýaramaz görüner. Nähili bolsa-da, ähmiýeti ýok, seretanlar üçin esasy zat, syýahat bolmasa-da, iň bolmanda başlangyç gezelenç etmekdir. Bir kluba ýa-da oturylyşyga gitmek hasam gowy bolardy. Bolmasa, seretanlara depressiýa düşmek , umytsyzlyga uçramak howpuny döredýär.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler dynç alyş guramak isleýär. Bu güni ýakyn adamyňyz bilen gowy restoranyň romantik atmosferasynda geçirmek gowy. Emma söhbetdeşlikde çylşyrymly we hatda has içgysgynç mowzuklar esetler tarapyndan iň aýdylmasa gowy bolardy. Ujypsyz, ýöne ýakymly bir zat hakda gürleşiň we ähli çynlakaý meseleleri soňa goýuň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleler emosional taýdan diýseň ýokary derejede bolar. Özüňizi saklanmaga synanyşmagyň, elbetde, zyýany ýok, ýöne bu size şu gün diýseň kyn bolar. Bu gün sünbüleler başgalara köp nejis zatlar aýdyp biler we köp duşman gazanyp biler. Ýöne zatlar başgaça hem bolup biler: emosiýalaryňyzy oňyn tarapdan peýdalanyň we köp dost tapynyň. Her niçigem bolsa, sünbüleleriň duýgulary gaty güýçli we täsirli bolar we pikirleriňizi gaty ses bilen beýan etmek islegi elmydama ýerlikli we howpsuz bolmaz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar üçin durmuş diýseň şatlykly ýagdaýda dowam edýär! Şol bir wagtyň özünde olar duýgy taýdan özlerini saklap bilerler. Emma olar, diňe şatlykly kompaniýalarda bolmakdan, umumy dynç alyşyň aladasyz atmosferasyndan lezzet alarlar. Başga bir aladaňyz ýok bolsa, boş wagtyňyzy haýsydyr bir oturylyşykda ýa-da dynç alyş ýerlerinde geçirmek size peýdaly bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün akraplaryň özüni alyp barşynda kän saklanmaklyk bolmaz! Olar bu gün asuda bolmak, özlerini saklamazlyk dogry diýen pikirde bolarlar. Emma beýlekileriň bu meselede düýbünden başgaça pikiri bolup biler. Şeýle hereket azatlygy, akraplaryň göwnünden turmaýan netijä getirip biler. Ýene bir zat: bilesigelijilik bilen seresap boluň!

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslaryň duýgulary indi “zerurlyk” we “isleg” düşünjeleriniň arasynda bir ýerde üýtgär. Bir tarapdan, ýygnanan meseleler gyssagly ýagdaýda olar bilen iş salyşmagyny talap eder, beýleki tarapdan kowuslar gündelik işden gaçmak we gyzykly bir zat etmek isleýär. Şonuň üçin, kowuslar peýdaly hem ýakymly bir işi tapmaga synanyşmalydyr. Ýa-da iň bolmanda günüňizi ol işleriň ikisine-de ýer bolar ýaly tertipläň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedileriň güni dürli adamlar bilen aragatnaşykdan doly bolar! Olaryň häzirki meýilnamalaryny üýtgedip biljek täze gyzykly tanyşlar ýa-da duşuşyklar hem mümkin. Ýyldyzlar düýpgöter üýtgeşmeleri wada bermese-de, gün gyzykly öwrümlere we täze täsirlere baý bolup biler. Bu gün üçin gowy çözgüt gysga syýahat etmek – iň bolmanda şäherden çykmak.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlaryň gün tertibinde birinji nobatda dawa-jenjeller we dürli görnüşdäki jedeller bolar. Başga zatlar barada aýdylanda ýyldyzlar üýtgeşik üýtgeşmeleri görkezmeýärler. Emma jedeller we dawa-jenjeller barada aýdylanda bolsa, olaryň sany gepleşikleriň sanyna göni proporsional bolar. Başgaça aýdylanda, daluwlar üçin beýlekiler bilen aragatnaşygy iň pes derejä çenli azaltmak has gowudyr. Ýa-da, sabyrly boluň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlaryň pikirleri uzaklara, gezelençlere we dynç alyşa gider. Emma muny ýolbaşçylaryňyza mälim etmezlige synanyşyň – olar muny halap barmazlar. Ýöne bu zada garşy durmak hem hökman däl. Geljekki syýahatlar ýa-da gezelençler hakda pikirlenmek we meýilleşdirmek üçin bir gün aýyrmak gowudyr. Dynç alyşyňyzy ýa-da indiki dynç güni nirede geçirjekdigiňizi entek çözmedik bolsaňyz, onda muny etmegiň wagty geldi.

Ýene-de okaň

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle