SPORT

ХIХ Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy

ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň paýtagtynda Türkmenistanyň sport wekiliýetini garşylamak we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy. Dabara «Aziýada obasynyň» halkara zolagynda ýerleşýän «Flag Plaza» seýilgähinde geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Şu ýylky esasy sport ýaryşlarynda ata Watanymyza wekilçilik etmek bagty paýyna düşen Türkmen döwletiniň wekilleri «Aziýada obasynyň» başlygy Lu Çunsýan tarapyndan garşylandy. Ol Türkmenistandan gelen türgenlere uly üstünlik arzuw etdi.

Huanjou şäherinde Aziýa oýunlary tamamlanýança Türkmenistanyň ýaşyl Tugy asmanda parlap durar. Baýdak galdyrmak dabarasyna türkmen türgenleri bilen bilelikde Makao, Malaýziýa, Saud Arabystany, Gündogar Timor we Wýetnam döwletleriniň wekiliýetleri hem gatnaşdy.

Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň, Hytaýyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem bu çärä gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1

Messi XXI asyryň iň güýçli futbolçysy

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy

Türkmenistan 3-nji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň Saud Arabystanyda muzeýi açyldy