07

Geljegiň uçary

“KLM Airlines” kompaniýasy “FlyingV” innowasion uçarynyň önümçiligine girişer. “Hi-Tech”-iň ýazmagyna görä, bu uçar geljegiň uçary bolar.

V şekilli täze uçaryň dizaýny Ýustus Benada degişlidir. Onuň ilkinji taslamasyny Gollandiýanyň “Delf” tehnika uniwersitetiniň hünärmenleri taýýarladylar.

Täze uçaryň esasy aýratynlygy ýolagçylaryň we olaryň ýükleriniň ganatlarda ýerleşmegi bolar. Taslamaçylaryň aýmagyna görä, bu täzelik aerodinamikanyň kanunlaryna doly esaslanýar.

“FlyingV” uçary 314 adama niýetlener, ýöne ol “Airbus A350”-ä garanyňda ýangyjy 20 esse az sarp eder.

Geljegiň uçarynyň ilkinji nusgawy Gollandiýanyň howa gatnawlarynyň 100 ýyllygy mynasybetli, Shiphol howa menziline berildi. Onuň önümçiligine ýene-de 20 ýyldan girişiler.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *