07

Forbes: iň baý zenan aýdymçy...

“Forbes” žurnaly amerikaly aýdymçy zenan Riannany Ýer ýüzündäki zenan aýdymçylaryň arasynda iň gurplusy diýip ygaln etdi. Dünýä metbugatynda ýazylmagyna görä, onuň baýlygy 600 million dollara ýetýär. Hatda Madonna, Selin Dion, Beýonse ýaly ýyldyzlar hem Riannadan yza galdy.

Aýdylyşyna görä, aýdymçynyň esasy girdejisi “LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton” halkara kompaniýalar toplumy bilen hyzmatdaşlykdan gelýär. Mundan daşary, ol “Fenty Beauty” kosmetika brendiniň hem esasy mahabatlandyryjysy.

Onuň girdejileriniň arasynda konsertlerdir aýdym-saz toplumlaryndan gelýän serişdeler hem bar.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *