07

Dubaýda ýokary tizlikli asma ýol gurlar

Täsin binalary bilen binagärlik rekordlarynyň birnäçesini goýan Dubaý ozalkylar bilen çäklenenok. Dünýä metbugatynda ýazylmagyna görä, şäherde ýokary tizlikli asma ýoly hem gurmak meýilleşdirilýär.

Täze gurluşygyň maglumatlaryna girsek, ondaky hereketiň tizligi sagatda 150 kilometre çenli ýeter. Şäheriň bir çetinden beýleki bir çetine çenli uzaljak ýolda ýolagçy kabinalarynyň ýüzlerçesi bolar. Has takygy, bir sagatda diňe bir ugur boýunça 8,4 müň ýolagçy ýoluň hyzmatyndan peýdalanyp biler.

Şäheriň 21 ýerinde asma ýoluň duralgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Elbetde, olar şäherdäki iň möhüm nokatlarda gurlar. Ýene bir gyzykly maglumat bolsa, asma ýoluň her bir kabinasynyň elektrikli ulaglardan 5 esse köp elektrik sarp etjekligidir. Her niçik hem bolsa, ol dünýäniň iň uly şäherleriniň birindäki hereket dyknyşygyny ep-esli azaldar.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *