07

Döwlet Synaglary Barada Maglumat

Daşary ýurt döwletlerinde berlen hünär bilimi hakyndaky Resminamanyň ykrar edilmegine dalaş edýän raýatlar iki sany Döwlet synagyny üstünlikli tabşyrmalydyrlar.

Okuwyň gündizki görnüşinde okanlar üçin Döwlet synaglary ýylda 4 gezek (Fewral, Maý, Sentýabr we Noýabr aýlarynda) Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Okuwyň gaýybana ýa-da agşamky görnüşinde okanlar üçin Döwlet synaglary ýylda 2 gezek (Fewral we Noýabr aýlarynda) Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Döwlet synaglaryna gatnaşmak üçin raýat Döwlet synagynyň geçirilýän aýynyň öňündäki aýyň 25-ine çenli resminamalryny Türkmenistanyň Bilim ministrligine tabşyrmaly. Ýagny:

Döwlet synaglary hünär ugry hem-de jemgyýeti öwreniş dersleri boýunça geçirilýär.

Döwlet synaglary raýatyň hünär biliminiň mazmuny boýunça iň ýakyn taýýarlyk ugruna (hünärine)  degişli Türkmenistanyň ýokary ýa-da orat hünär okuw mekdeplerinde tabşyrylýär.

Döwlet synagy boýunça kanagatlanarsyz baha alan raýat, özüniň synag tabşyran okuw mekdebine ýüz tutmagy esasynda nobatdaky synag aýlarynda Döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyryp biler. (synaglary gaýtadan tabşyrmak mümkinçiligi çäklendirilmeýär)

Döwlet synaglaryna sebäpli gelip bilmedik raýatlar nobatdaky synag aýlarynda Döwlet synaglaryna gatnaşyp bilerler. Synaga gatnaşmak üçin raýat taýýarlyk ugry (hünäri) boýunça degişli okuw mekdebine ýüz tutmalydyr. (synaglary tabşyrmagyň möhleti ýok)

Mahabat

Daşary ýurt diplomyny tassyk etmek üçin resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň :

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *