07

Diplom tassyklatýana goşmaça zähmet rugsady

Daşary ýurt döwletlerinde ýokary bilim alyp, Türkmenistana gelýän raýatlarymyz üçin goşmaça ýeňillik döredildi. Şu gün (14.03.2019) resmi taýdan çap edilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 1/8-nji maddasyna laýyklykda, Zähmet Kodeksiniň 103-nji maddasynda Türkmenistanyň orta hünär ýa-da ýokary hünär bilim edaralaryna Türkmenistanyň çäginden daşarda degişli bilim edarasynda alan bilimi hakyndaky diplomyny  tassyklatmak üçin iberilýäne Zähmet haky tölenilmeýän rugsat bermek barada üýtgetme girizildi.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 4-nji baby Zähmet haky tölenilmeýän rugsady düzgünleşdirýär. Bu düzgünleşdirme Kanunyň 103-nji maddasynda öz beýanyny tapýar we 103-nji madda Zähmet haky tölenilmeýän rugsady bermegiň tertibi we şertlerini aýdyňlaşdyrýar. Täze goşulan bent bilen Türkmenistanyň orta hünär ýa-da ýokary hünär bilim edaralaryna Türkmenistanyň çäginden daşarda degişli bilim edarasynda alan bilimi hakyndaky diplomyny  tassyklatmak üçin iberilýäne otuz senenama gününe çenli Zähmet haky tölenilmeýän rugsat berilýär. Kanun 2019-njy ýylyň 14-nji martyndan başlap herekete girizilýär.

Diplom tassyklatmak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça hyzmatlar üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz

Habarlaşmak üçin

Aşkabat, Ankara köçesi 25, (Aýtakow-Ýubileýni çatrygy) , A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Gat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

Telefon   : +993 63 78 96 73

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Resmi IMO hasaby : +993 63 78 96 73

 

 

 

 

 

 

 

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *