07

Baş arçanyň ýanyndaky dabaralar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalaryň şatlygyny paýlaşdy.

12 gatly belent ýaşaýyş jaýynyň beýikligindäki uly Täze ýyl daragty örän köp sanly ýaşajyk arçajyklardan ýygnalyp, şonuň bilen birlikde, ýurdumyza demirgazykdaky Aýazbabadan özüniň günortadaky kärdeşi bolan biziň Aýazbabamyza salam hökmünde tokaý ertekileriniň kalbyňy tolgundyryjy ýakymly ysy geldi.

Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Milli lybasly iki çaga milli Liderimize gül desselerini gowşuryp, ruhubelentlik bilen bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny we söýgülerini labyzly beýan edýärler.

Şadyýan çagalar hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baradaky joşgunly goşgulary bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň dillerinden döwlet Baştutanymyza gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar belent heňde we tüýs ýürekden ýaňlanýar. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada çagalaryň döredijilik toparlary we ýaşajyk aýdymçylar çykyş edýärler, baýramçylyk mukamlary ýaňlanýar.

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekleýär hem-de çagalar bilen bilelikde Baş arça tarap ugraýar. Aýazbaba hem-de Garpamyk ýaş türkmenistanlylaryň ählisiniň adyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýen şygar astynda geçjek 2019-njy ýyl bilen gutlaýarlar hem-de çagalar, olaryň abadançylygy we saglygy, ruhy taýdan galkynmagy, zehinleriniň we ukyplarynyň ösdürilmegi, dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli bilim almagy barada ýadawsyz aladalary üçin hoşallyk bildirýärler.

Soňra 2018-nji ýylyň nyşany — gelşikli Wepaly diýen alabaýyň hem-de 2019-njy ýylyň tumary — şadyýan ýekegapanjygyň egin-eşigindäki çagalar hemmeleri Baş arçanyň töwereginde gol tutuşyp aýlanmaga çagyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde el tutuşyp, jebisligi we nesilleriň dowamatyny alamatlandyrýan däp bolan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleriň söýgüli baýramçylygynyň şatlygyny we guwanjyny çagalar bilen paýlaşdy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy çagalarda has-da uly şatlyk döretdi. Çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylar bilen Täze ýyl baýramçylygyndan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Döwlet Baştutanymyz çagalara Täze ýylda bagtyýarlyk, gyşky dynç alyş günlerini şadyýan geçirmeklerini, okuwlarynda üstünlikleri, ýüreklerinde beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň ählisiniň iň oňat milli däplerimizi mynasyp dowam etdiriji, ata-babalarymyzyň paýhasly nesihatlaryna eýerijiler hem-de Watanymyzyň hakyky eýeleri bolup ýetişip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz joşgunly döredijilikleri üçin dabara gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Şol ýerde Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, bu ýere öz çagalary we agtyklary bilen geldiler. Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalary bilen gatnaşdylar.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *