07

Halkara gatnaşyklary instituty 10 ýyllyk ýubileýini belledi

2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, bu institutyň 10 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.

Bu ýygnaga Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri, Türkmenistanda işleýän wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik edaralaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar institutyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite taýýarlanylan sergä aýlanyp görmeklerini tamamlap, ýygnagyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Soňra, bu çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň 10 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly ýygnagyň işine geçdiler.

Ýubileý ýygnagynda Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň rektory B.Zahyrow öz giriş sözi bilen çykyş etdi, soňra bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň çykyşy boldy. Şeýle hem ýygnagyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, BMG-niň Türkmenistanyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. Natalia Natswlişwili we başgalar çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda, ýygnaga gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Soňra, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň dabaraly açylyşy geçirildi.

Mundan başga-da, dabaraly ýygnagyň geçirilmeginiň çäklerinde, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň okuw studiýasyna baryp gördüler.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *