07

Türkmen diplomatlary bilen maslahat

2018-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen diplomatlary bilen maslahat geçirildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan öz işini tamamlan türkmen Ilçilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem olar ýörite diplom bilen sylaglandylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen diplomatlarynyň işlemeklerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin sagbolsun sözlerini aýtdylar. Şunuň bilen birlikde diplomatik gullugynyň öňünde goýulýan wajyp wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmekde ähli zerur bolan çäreleri amala aşyrjakdyklaryny, şeýle hem Watanymyzyň — Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerine gulluk ekjekdiklerine uly ynam bilen bellediler.

Mundan başga-da, dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýüzlenme kabul edildi.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *