07

Ýedidogan : Kraft sumkalarynyň aýratynlyklary

Telekeçilik– häzirki wagtda dünýä ýüzünde ösen we ösýän ugur. Munuň üçin ösüp gelýän ýaş nesillere bu ugurdan ýeterlik bilim bermek üçin orta mekdeplere «Ykdysadyýetiň esaslary» diýen sapak girizildi. Galyberse-de, ýurdumyzda telekeçilikden we biznes ulgamyndan has içgin, düýpli bilimi bermek üçin «Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş» instituty hereket edýär. Biz hem saýtymyzyň okyjylarynyň ünsüni biznes ulgamynda zähmet çekýän telekeçileriň alyp barýan işleri, ýaşlara berýän maslahatlary barada berýän maglumatlaryna çekmegi müwessa bildik. Söhbetdeşlikde – «Ýedidogan» haryt nyşanly önümçiligiň  ýolbaşçysy Meýlis Arazberdiýew.

          – Meýlis, ilki bilen «Ýedidogan» haryt nyşany bilen haýsy harydyň öndürilýändigi barada aýdaýsaňyz.

          – Biz, esasan, iýmit üçin niýetlenen kagyz sumkalary öndürýäris. Önümçilige 2 ýyl ozal başladyk. Ilkibada biz uly kagyz haltalary öndürýärdik. Olar köp agramly un we un önümleri üçin niýetlenen. 2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri hem söwda merkezlerinden söwda edilýän iýmitleri salmak üçin ulanylýan kagyz sumkalary öndürip başladyk.  

          – Näme üçin kagyzdan? Eýsem, kraft kagyzyndan ýasalan sumkalar bilen politilen materially paketleriň näme tapawudy bar?

          – Birinji bilen-ä,  onuň saglyk tarapyny, ikinjidenem ekologiki tarapyny göz öňünde tutduk.

         1.  Saglyk tarapyndan alsak, kraft kagyzy iýmit üçin hiç hili zyýanly däl. Politileniň düzüminde bolsa, nebit bar. Ol iýmite hem belli bir möçberde zyýanyny ýetirýär. Galyberse-de, kraft kagyzyndan öndürýän sumkalarymyzyň ýelimi hem kartoşkanyň krahmalyndan ýasalan. Bu hem iýmit önümlerine zyýansyzdyr.

         2. Ekologiki tarapyndan alsak, politilen, polipirlen materially paketler, haltalar ulanyşdan galyp, zyňylaýan ýagdaýynda tebigatda ýok bolup gitmeýär. Şol sebäpli-de, hapaçylygyň döremegine sebäp bolýar. Kraft kagyzyndan ýasalan sumkalar bolsa, soňy bilen ýagyşyň, garyň ýagmagy bilen eräp, topraga siňip gidýär. Ine, şol ikisiniň şeýleräk tapawudy bar.

         – Sumkalaryň materialyny, ýelimini nireden alýarsyňyz?  

         – Kraft kagyz-a Sankt Peterburgdan getirilýär, kartoşkanyň krahmalyndan ýasalan ýelimi bolsa, Moskwanyň «Avebe» firmasyndan getirilýär.

         – Kagyz sumkalary ortaça näçe kilogram agramlykdaky iýmiti götermäge  ýaramly?

         – Ortaça 5 kilogram agramlygy göterip bilýär.

         – Olary nähili dizaýnda bezeýärsiňiz?

         – Esasan, tematiki ýazgylary ýazýarys, ýagny «Uzak ýaşa», «Welcome to Turkmenistan», «Toý paý», «Işdäňiz açyk bolsun»...

         – Meýlis, biznes dünýäsine aralaşmak isleýän ýaşlarymyza nähili maslahat berýärsiňiz?

         – Ilki bilen şol ugura höwes bolmaly, soňra yhlas, soň hem esasy tejribäň bolmaly. Biznes, esasan, zähmetiň, tejribäň miwesi hasaplanylýar.

         – Biznesiň açary nämede?

         – Jogapkärçilikli we dogry işlemekde.

         – Meýlis, beren maglmatlaryňyz üçin köp sag boluň. Işleriňizde  üstünlik ýar bolsun!

         – Sag boluň.

Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,

«Atawatan Türkmenistan» halkara

žurnalynyň habarçysy.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *