07

Aziýa yklymynyň iri futbol ýaryşy – Aziýa Kubogy

Aziýa yklymynyň iri sport ýaryşy hasaplanýan futbol boýunça Aziýa Kubogy badalga aldy. 17-nji gezek geçirilýän bu halkara ýaryş Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) geçirilýär. Şu ýylyň 5-nji ýanwarynda badalga alan yklymyň iri futbol bäsleşigi 1-nji fewralda tamamlanar.

YARYŞYŇ GEÇIRILÝÄN ÝURDY

17-nji Aziýa Kubogy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýär. Yklymyň iri sport ýaryşyny kabul etmek ugurunda BAE bilen Eýran Yslam Respublikasy bäsleşdi. Ýeňiji bolan tarap BAE boldy. Aziýa Kubogynyň duşuşyklary ýurduň 4 şäherindäki – Abu-Dabi, Al-Aýn, Dubaý hem-de Şarja şäherlerindäki stadionlarda oýnalýar.

AÇYLYŞ WE FINAL DUŞUŞYGY ŞEÝH ZAÝED STADIONYNDA OÝNALAR

Futbol ýaryşynyň açylyş hem-de final duşuşyklary Abu-Dabi şäherindäki Seýh Zaýed adyndaky stadionda oýnalýar. Bu sport toplumy 50 müň tomaşaça niýetlenendir.

ÝARYŞYŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI

4 ýyldan bir gezek geçirilýän Aziýa Kubogynyna ilkinji gezek 24 topar gatnaşýar. Ýaryşyň geçiriliş tertibi 2016-njy ýylda futbol boýunça Ýewropa çempionatyna meňzeş bolar. Milli ýygyndylar 6 toparçada bölündiler. Her toparçadan 2 ýygynda toparçadan çykýar. Şeýle hem toparçada iň gowy görkezijä eýe bolan 4 ýygynda olaryň hataryna goşular.

ILKINJI GEZEK GATNAŞÝAN ÝYGYNDYLAR

Ýaryşa has köp ýygyndy çekmek maksady bilen alnan karara laýyklykda, Gyrgyz Respublikasynyň, Filippinleriň hem-de Ýemeniň ýygyndysy ilkinji gezek gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndysy 2004-nji ýyldan, Wýetnamyň hem-de Tailandyň ýygyndylary bolsa 2007-nji ýyldan soňra ikinji gezek gatnaşýar.

TOPARÇALAR ŞEÝLERÄK

A toparça           B toparça            C toparça             D toparça         E toparça                      F toparça

BAE                     Awstraliýa         Günorta Koreýa        Eýran            Saud Arabystany        Ýaponiýa

Tailand              Siriýa                   Hytaý                          Yrak                 Katar                           Özbegistan

Hindistan          Palestina             Gyrgyzystan             Wýetnam         Liwiýa                          Oman

Bahreýn           Iordaniýa              Filippinler                  Ýemen           Demirgazyk Koreýa   Türkmenistan

ÝEWROPALY TÄLIMÇILER

Gatnaşýan 24 ýygyndynyň 4-sine (Türkmenistan, Awstraliýa, Ýaponiýa, D. Koreýa) ýerli tälimçiler tälim berýär. Galan 20 toparyň tälimçisi başga ýurtlardan bolup, olaryň arasynda Italiýadan, Portugaliýadan, Belgiýadan hem-de Ispaniýadan 2 tälimçi bar. Gatnaşýan toparlaryň käbirlerine Marçello Lippi, Alberto Zakkeroni, Swen-Goran Eriksson, Paulo Bento, Karloş Kueiroş, Hektor Kuper, Huan Antonio Pizzi ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda işläp, uly-uly başarnyklar gazanan meşhurlar tälim berýär.

TOPARLAR WE TÄLIMÇILERI:

BAE – Alberto Zakkeroni (Italiýa), Tailand – Milowan Raýewaç (Serbiýa)

Hindistan – Stefen Konstantin (Angliýa), Bahreýn – Miroslaw Soukup (Çehiýa)

Awstraliýa – Grem Arnold (Awstraliýa), Siriýa – Bernd Ştange (Germaniýa)

Palestina –Nureddin Ould Ali (Alžir), Iordaniýa – Wital Borkelmans (Belgiýa)

Günorta Koreýa – Paulo Bento (Portugaliýa), Hytaý – Marçello Lippi (Italiýa)

Gyrgyz Respublikasy – Aleksandr Krestinin (Russiýa), Filippinler – Swen-Goran Eriksson (Şwesiýa)

Eýran – Karloş Kueiroş (Portugaliýa), Yrak – Sreçko Katanes (Sloweniýa)

Wýetnam – Park Han-seo (G. Koreýa), Ýemen – Ýan Koçian (Slowakiýa)

Saud Arabystany – Huan Antonio Pizzi (Ispaniýa), Katar – Feliks Sançes (Ispaniýa)

Liwan – Miodrag Radulowiç (Garadag), Demirgazyk Koreýa – Kim Ýon-ýun (D. Koreýa)

Türkmenistan – Ýazguly Hojageldiýew (Türkmenistan), Ýaponiýa — Hažime Moriýasu (Ýaponiýa)

Özbegistan – Hektor Kuper (Argentina), Oman — Pim Werbeek (Gollandiýa)

ÝARYŞ BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

- Ýaryşa iň köp futbolçy iberen topar Türkmenistanyň “Altyn Asyr” toparydyr. Bu topardan 11 futbolçy Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hataryna goşuldy. Bu ugurda ikinji orun Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý Dinamo” toparyna degişli bolup, onuň 10 oýunçysy milli ýygynda goşuldy.

- Aziýa Kubogyna gatnaşýan 47 futbolçy Kataryň milli çempionatynda oýnaýar. Bu ugurda ikinji orun Suad Arabystanyna (31), üçünji orun Tailand we BAE (27) degişlidir, soňra degişlilikde Hytaý (26), Hindistan we Wýetnam (23) gelýär.

- Ýaryşda Germaniýanyň toparlarynda oýnaýan 12 we Angliýanyň toparlarynda oýnaýan bolsa 9 futbolçy bar.

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *