07

Aziýa Kubogy badalga aldy: ilkinji duşuşyklar we ilkinji netijeler

Şu ýylyň 5-nji ýanwarynda Aziýa yklymynda uly sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ýaryşy – Aziýa Kubogy badalga aldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem gatnaşýan ýaryşynda ilkinji duşuşyklar geçirildi.  

Aziýanyň Kubogyny eýelemek ugurndaky ýaryşyň açylyş dabarasy hem-de ilkinji duşuşygy BAE-niň Abu-Dabi şäherindäki “Zaed Sports City stadium” stadionynda geçirildi. Ol ýerde ýer eýeleri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen Bahreýnyň ýygyndylary duşuşdy. duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu duşuşykda hasaby ilki bahreýnli Al-Rohaimi (78-nji minut) açdy. Jogap topuny 88-nji minutda soňradan oýna giren Ahmed Halil (88-nji minut) geçirmegi başardy.

“A” toparçada bu ýygyndylardan başga Taýlandyň hem-de Hindistanyň ýygyndylarynyň çykyş edýär. Olaryň arasyndaky duşuşykda Hindistanyň ýygyndysy ynamly ýeňiş gazandy. Olar garşydaşlary Taýlandyň ýygyndysyny 4:1 hasabynda utdy.

Kubogyň garaşylmadyk netijesi “B” toparçadaky Awstraliýanyň hem-de Iordaniýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda hasaba alyndy. 2015-nji ýylda geçirilen Aziýanyň Kubogyny eýelän Awstraliýanyň ýygyndysy 1-0 hasabynda utuldy. Iordaniýanyň ýygyndysyndan 26-njy minutda Bani-Ýasin tapawutlandy. Bu toparçanyň beýleki oýnunda Siriýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.

“A” toparçanyň netijeleri:

BAE – Bahreýn   1:1

Taýland – Hindistan    1:4

“B” toparçanyň netijeleri:

Iordaniýa – Awstraliýa   0:1

Siriýa – Palestina            0:0

7-nji Ýanwardaky Duşuşyklaryň  Netijeleri

“Ç” TOPARÇADA

Hytaý – Gyrgyz Respublikasy 2:1

Günorta Koreýa – Filippinler 1:0

“D” TOPARÇADA

Eýran – Ýemen 5:0

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *