07

Ýanwar 2019 : Açylyş we Çäreler

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde habar berilişine görä, üstümizdäki aýyň dowamynda esasan hem şu çäreler we açylyşlar bolar :

  • 5-nji ýanwarda ýaş zehinlere Gulbaba adyndaky baýragy gowşurmak dabarasy bolar.
  • 9-njy ýanwarda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde polietilen we polipropilen önümleri öndürilýän kärhananyň hem-de ýylda 500 tonna gök we bakja önümlerini öndürmäge niýetlenen ýyladyşhananyň açylyşy bolar.
  • Şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiriljek çärelere badalga berler.
  • 14-nji ýanwarda Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisi we ylmy-amaly maslahat geçiriler.
  • 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler bolar.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *