07

Burak Çakir: “Türkmenistan – ykdysadyýetiň ösüş döwründe”

“Çandybil” söwda merkezinde geçirilýän söwda we ykdysady sergisiniň dowamynda birnäçe kärhanalaryň hünärmenleri bilen alyp barýan işleri dogrusynda pikir alyşdyk. Olaryň arasynda Russiýa, Türkiýe döwletlerinden gelen hünärmenler hem  bar. Biz hem şol ýerde Türkiýäniň Ankara şäherindäki “Teknoproses” kärhanasynyň başlygy Burak Çakir bilen söhbetdeş bolduk. Şol söhbeti hem giňişleýin saýtymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

         – Sizi şu günki sergide hoş gördük, Burak Çakir. Ilki bilen kärhanaňyzyň alyp barýan işleri barada aýdaýsaňyz.

         – Minnetdar. Biziň “Teknoproses” kärhanamyzda, esasan, sowuk we gyzgyn içgiler öndürilýär. Ol ýerde süýt we onuň görnüşleri, gazly içgiler, çagalar üçin ýörite niýetlenen düzümi ýokumly maddalardan ybarat bolan suwuk içgiler öndürilýär.

         – Kärhanaňyzda jemi näçe sany işçi zähmet çekýär?

         – Umumy hasap boýunça 40 sany işgär zähmet çekýär. Olaryň 30 sanysy inžener, hasapçy, iş dolandyryjylardan, 10 sanysy bolsa ussalardan düzülen.

         – “Teknoprosesi” has-da ösdürmek üçin geljekde nähili meýilleriňiz bar?

         – Geljekde azyk önümleriniň hem birnäçe görnüşlerini öndürmek maksadymyz bar. Ýöne onuň üçin biraz wagt gerek. Şol sebäpli-de, häzirki wagtda şonuň üçin birnäçe işler ýola goýulýar.

         – Öndürýän önümleriňizi daşary ýurtlara-da eksport edýärsiňizmi?

         – Hawa, esasanam, Aziýa döwletleriniň birnäçesine, Ýewropa ýurtlarynyň hem käbirlerine satylýar.

         – Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

         – Türkmenistan ykdysady taýdan ýokary depginde ösýän döwlet. Bu ýerde öndürilýän azyk önümleri hem hil taýdan ýokary derejede eken. Ýene az wagtdan bu ýurduň öndürýän azyk önümleriniň dünýäniň köp ýurtlaryna-da eksport ediljegine ynanýaryn. Ýene bir zady belläp geçmek isleýärin. Meniň Türkmenistanda ilkinji gezekdigime garamazdan, bu ýurtda bolup geçýän wakalardan gyzgyny bilen habarly boljagymyz ikuçsyz. Munuň üçin bize www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň gündelik habarlary ýardam eder.

         – Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Işleriňizde hemişe üstünlikler ýar bolsun!

         – Sag boluň!                                                

Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysy.

 

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *