07

Erik Stýuart bilen söhbetdeşlik

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­ uly goşant goşýar. 2008-nji ýylda döredilen Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­ üstümizdäki ýylda döredilmeginiň 10 ýyllygyny belleýär.

Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri hem-de ýurtda bolup geçýän taryhy özgertmeleri ilkibaşda türkmen we türk dillerinde, soňlugy bilen türkmen we iňlis dillerinde okyjylar köpçüligine ýetirýän “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň ýolbaşçysy Erik Stýuart bilen söhbetdeşlik gurnapdy. 2015-nji ýylyň iýul aýynda Erik Stýuart bilen “Türkmenistanda işewürlik etmek” mowzugy esasynda geçirilen söhbetdeşlik geňeşiň resmi internet sahypasynda öz ornuny aldy. Ony internet sahypasyndaky “Çäreler” bölüminden okap bilersiňiz.

Erik Stýuart şol söhbetdeşliginde Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň işi, Türkmenistan bilen alyp barýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary babatda gyzykly maglumatlar beripdi. Esasy maksadynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmekden ybaratdygyny bellän Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji gezek Nýu-Ýorka amala aşyran saparynda öňe süren başlangyjy esasynda Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň döredilendigini belledi. Stýuart geňeşiň amerikan kompaniýalary bilen Türkmenistanyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda degişli sergileri we işewürlik duşuşyklaryny gurnaýandygyny nygtapdy.

Söhbetdeşliginde Türkmenistan baradaky ýakymly ýatlamalarynyň üstünde hem durup geçen Stýuart Türkmenistanda bazara gitmegi halaýandygyny, ol ýerden hoz we beýleki ir-iýmişleriň satyn almagyň aýratyn lezzetiniň bardygyny belläpdi. Şeýle hem Erik Stýuart türkmen tagamlaryny halaýandygy aýdyp, “Esa­san hem na­har wag­tyn­da bir kä­se ül­je şi­re­si na­ha­ryň ta­ga­my­na ta­gam go­şup, lez­ze­ti­ni has hem art­dyr­ýar. Na­har­dan soň­ky türk­men gök ça­ýy bol­sa, ja­ny­ňa diý­seň köp aram ber­ýär” diýip belläpdi.

Türk­men-ame­ri­kan işe­wür ge­ňe­şi­niň üstünlikli işi iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryna öz oňyn täsirini ýetirdi. 2018-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da­ky ýag­da­ýa gö­rä, Türk­me­nis­tan­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­­my ba­ha­sy 2 mil­liard 573,43 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry we 0,3 mil­lion ýew­ro bo­lan tas­la­ma­la­ryň 156-sy bel­li­ge alyn­dy. 

Erik Stýuart bilen guralan söhbetdeşlik bilen täzeden tanyşmak isleseňiz, şu salgydan tapyp bilersiňiz.

https://www.us-tbc.org/Activities/AtavatnTurkmenistanArticle.pdf    

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *