07

Pereňde Gyratyň owazy gelýär...

Türkmenlerimizde “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen bir aýtgy bar. Jadyly jümle. Onda-da, şol aýtga on iki süňňi bilen uýýanlaryň dilinden eşideňden soň hasam täsiri başgaça. Şu gün ir säherde paýtagtymyzdaky Milli atçylyk sportunyň ýapyk binasyna bardym. Bir-birinden zyýada ahalteke bedewleri. Hut, şu pursatda atlara nä sebäpden “Behişdi bedew” diýilýänine düşündim. Ynha-da, atlara ideg edýän, olaryň diline düşünýän – Ezberguly Babalyýew. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylar toplumynyň seýis tälimçisi. Onuň bilen türkmeniň ahalteke bedewleri, atçylyk sportunyň konkur görnüşi barada sapaly gürrüňler etdik. Açyk meýdanda, asuda asmanyň astyndaky söhbetdeşligimiz Gün ortalaberinçä dowam etdi. Şol söhbetdeşligi bolsa, giňişleýin okyjylarymyza ýetirýäris.

         – Ezberguly, ýadymda, heniz çaga wagtym mawy ekranda atçylyk sportunyň çapuw ýaryşynda çapyksuwar Enwer Babalyýewiň adyny köp eşitýärdim. Siz şol çapyksuwar bilen baglanyşykly-ha dälsiňiz?

         – Elbetde. Enwerguly meniň agam. Kakamyz Orazguly Babalyýew hem Türkmenistanyň halk atşynasy. Biziňem ilkinji tälimçimiz. Jigim Perhatguly Babalyýew hem çapyksuwar. Biz maşgalada atçylyk sporty bilen meşgullanýan üçünji nesil.

         – Tüweleme. Sportuň konkur görnüşini saýlap almagyňyza näme itergi berdi?

         – Maşgala agzalarymyzyň ählisi diýen ýaly çapuw görnüşi bilen meşgullanýarlar. Men hem 2003-nji ýyla çenli şol görnüş bilen türgenleşýärdim. Emma, aty çapyp barýarkam hem garşymyzda päsgelçilikden bökýän atlara dykgat bilen seredýärdim. Atçylyk sportunyň konkur görnüşine höwes edýärdim. Şol sebäpli-de, 2005-nji ýyldan başlap, şol görnüş bilen meşgullanyp başladym.

         – Konkurda atlar näçe päsgelçilikden geçýärler?

         – 15 geek böküp, jemi 12 sany päsgelçilikden geçýärler.

         – Ahalteke bedewi bolan “Arap” konkurda 312 santimetr belentlikden böküp, dünýäde rekord goýdy. Häzirki wagtda türkmen atlarynyň iň ýokary bökýän belentligi näçe?

         – Häzirki wagtda olaryň iň ýokary bökýän belentlikleri 1 metr 20 santimetr.

         – Ahalteke bedewlerine haýsy ýurtlaryň atlary garşydaşlyk edýär?

         – Dünýäde üç sany tohum at bar. Bir-ä iňlis atlary – gysga aralyga ýyndam atlar. Ýene birem arap atlary – uzak aralyga  çydamly atlar. Şeýle hem biziň ahalteke bedewlerimiz – gözellikde taý ýok atlar. Hersiniň aýry ýeri bar.

         Bökmekde çykyş edýän atlar bilen çapuwdaky atlaryň ideg edilişiniň nähili tapawudy bar?

         – Esasy iýmitinde tapawudy bar. Çapuwa çykjak atlar hemişe berhizde saklanylýar.  Konkurda çykyş etjek atlara bolsa, näçe ýokumly iýmit berseň şonça gowy.

         – Ezberguly, “At – myrat” diýlipdir. Siziň hem geljekde atyňyz bilen maksadyňyz myrat tapsyn, gürrüňleriňiz üçin minnetdar!

         – Sag boluň!

Aýbölek ABDYÝEWA,

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysy.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *