07

Ýurdumyza Lazurıt Ugry Boýunça Ilkınjı Ýük Kerwenı

Düýn paýtagtymyza ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi.

Mälim bolşy ýaly, 13-nji dekabrda ýükli ulag kerweni Owganystanyň Hyrat şäherinden ýola düşdi. “Lazurit” ugry boýunça ilkinji ýük kerwenini ugratmak mynasybetli Hyrat şäherinde halkara maslahat geçirildi. Oňa Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani gatnaşdy. Owgan Lideri öz çykyşynda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň hemmetaraplaýyn ösüşine ägirt uly goldaw berýändigini nygtady. Munuň özi asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýan iki ýurduň arasynda işjeň gatnaşyklaryň giňden ösdürilmeginiň özenidir.

Ýaňy-ýakynda ulag kerwenleri türkmen-owgan serhedinden geçip, düýn Aşgabada geldi. Ýük kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugur aldy. Soňra şol ýerden gämi arkaly Azerbaýjan Respublikasyna geçirilip, Gruziýanyň çägi bilen Türkiýä baryp ýeter.

Ulag kerwenlerinde owgan topragynda ýerli daýhanlaryň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümleri, şol sanda pagta, künji, kişmiş, garpyz çigitleri we beýlekiler bar. Bu önümler barmaly ýerine barandan soň, diňe bir Türkiýäniň däl, eýsem, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň ilatyna ýetiriler. Bu bolsa owgan halkynyň ýetişdiren harytlaryny halkara bazarlara çykarmaga mümkinçiligi kepillendirer.

“Lapis Lazuli” taslamasy ýük gatnawlaryny düýpli işjeňleşdirer we haryt öndürijilerden sarp ediş bazarlaryna çenli bolan aralygy gysgaldar. Bu bolsa daşary ýurt sarp edijileri üçin önümiň elýeterliligini üpjün eder hem-de iri söwda kärhanalarynyň sebitiň önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrar.

Häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini kemala getirmek bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda döwletimiziň öňe sürýän anyk we netijeli teklipleri diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, tutuş sebitiň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Türkmenistan sebit we yklym derejesinde möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyrmak bilen, ählumumy derejede, aýry-aýry ýurtlaryň, şol sanda Owganystanyň derejesinde bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirýär.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *