07

Nurym Askanow: “Türkmen topragy – Ene topragym”

Güýzüň ahyrky gününde ýene-de bir täsin waka. Gazagystanyň medeniýet günleri şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýärdi. Sungat ussatlarynyň taýýarlyk görýän ýerinde birsalym säginenimizem şoldy welin, ýanymyza gazagystanly aýdymçy ýigit geldi. Tanyş bolduk. Nurym Askanow, Gazagystanyň milli aýdym-saz toparynyň aýdymçysy eken.  Soňra bolsa, tanyşlyk giňişleýin söhbete ýazdy. Ol gürrüňiniň arasynda paýtagtymyza gelýän daşary ýurtly aýdymçylaryň durmuşynda juda seýrek duş gelýän maglumaty bize ýetirdi. Muny  aýdymçynyň özünden eşitmek okyjylarymyz üçin has täsirli bolsa gerek. Size habarçymyz Aýbölek Abdyýewanyň taýýarlan söhbetdeşligini ýetirýäris.

– Nurym Askanow, ilkinji sowalymyz adatdakylar ýaly, siz Türkmenistanda ilkinji gezekmi?

– Elbetde. Men ilkinji gezek bolsa-da, “Ene topraga” aýak basanyma juda begenýärin.

– “Ene topraga”?

– Hawa. Bu ýerler meniň mähriban ejemiň bagtyýar çagalygynyň, ömre berimsiz ýaşlyk ýyllarynyň geçen ýeri. Ejem Türkmenistanda, ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde eneden doglan. Onuň çärýek asyr ömrüne Hazar deňziniň tolkunlary janly şaýat. Bizi çagalykda ejemiz Türkmenistan baradaky ýakymly ýatlamalary bilen “hüwdüleýärdi”.

– Täsin ýagdaý. Onda size türkmen aýdym-sazlary nätanyş däl bolsa gerek?

– Türkmen milli saz guraly bolan dutaryň owazy biziň ilkinji eşiden mukamymyz diýsemem ýalňyşmaryn.

– Sizem-ä milli aýdym-saz toparynyň aýdymçysy. Eliňizdäki saz gural hem Gazagystanyň milli saz guralymy?

– Hawa. Ol “dombra” diýlip atlandyrylýar.

– Onuň türkmen dutary bilen meňzeş tarapy barmy?

– Meňzeşlik – ikisinde hem iki perde bar. Tapawut bolsa, dombra dutara garanyňda, biraz ýeňil.

– Mundan beýläk Türkmenistana gezelenç üçin gelmek niýetiňiz barmy?

– Hawa, geljekde meýilleşdirýärin. Ilkibada bu ýerden gitmek maňa agyr deger. Emma www.atavatan-turkmenistan.com –yň her günki habarlary bizi türkmen topragyna ýakynlaşdyrar.

– Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edýäris!

– Sag boluň!

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *