07

Kubogyň eýesi – “Köpetdag”

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna “Köpetdag” topary mynasyp boldy. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň jemleýji – 28-nji tapgyrynda “Merwden” 2:1 hasabynda üstün çykan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bassyr bäşinji gezek çempionlyk derejesini gazanypdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine berlen “Köpetdag” topary özüniň ilkinji uly ýeňşini gazandy. Ýurdumyzyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygyna Belarus döwletinden Sergeý Sinkewiç eminlik etdi.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynda toparlar hasaby açyp bilmedi. Hasap 2-nji ýarymda-da üýtgemedi. Şeýlelikde esasy wagtda hasap açylmady. Goşmaça 30 minutyň ilkinji 15 minutynda myhmançylykdaky “Energetik” örän howply pursat döretdi, ýöne betije gazanyp bilmedi.

Şeýlelikde 120 minutda topy derwezä gönükdiren bolmady we ýeňiji 11 metrlik jerime ugrylarynyň netijesi boýunça mälim edildi.  Marynyň “Energetik” toparyndan diňe Parahat Jumanazarow bu mümkinçilikden peýdalanyp bilmedi. Şoňa görä, “Köpetdag” topary 5:4 hasabynda üstün çykyp, 27-nji gezek geçirilýän Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda ýeňiji boldy.

1992-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda iň köp çempionlyk gazanan topary “Köpetdag” bolup, olar soňky bäsleşigi-de hasaba alanyňda, 7-nji gezek kubogyň eýesi boldy. Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” topary 4, “Altyn asyr”, “Ahal” we ozalky “Nisa” toparlary 3, “Merw” 2 gezek bu kubogy almagy başardy. “Turan”, “Şagadam” hem-de “Garagum” toparlary-da bu arzyly kubogy 1 gezek gazanmagyň hötdesinden geldi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda kubok ýaryşlaryna eminlik etmek üçin daşary ýurtly eminler çagyrylýar. Şu ýylyň iýun aýynda “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy almak ugrundaky final duşuşygynda türkiýeli emin Hüseýin Göçek eminlik edipdi.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *