07

Türkmenistan bilen Azerbaýjan hyzmatdaşlygy berkeýär

Hazar deňziniň iki kenaryny boýlap oturan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar täze hyzmatdaşlyk döwrüne gadam basdy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň iki günlik Türkmenstan sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejelere çykardy. Iki ýurduň arasynda ulag-ýol düzüminde hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi, hususan-da ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, bu ugurda haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy babatda möhüm ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşiklerine “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen bir hatarda ýerli we daşary ýurtly metbugat wekilleri hem gatnaşdy.

Belent mertebeli myhman Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Garaşsyzlyk meýdanynda uly dabara bilen garşy alyndy. Soňra iki ýurduň Prezidentleriniň awtoulagy türkmen atçylarynyň hormatly kerweniniň ugratmagynda “Oguzhan” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ilki bilen ikiçäk duşuşdylar. Soňra iki ýurduň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagynda gepleşikler giňeldilen düzümde dowam etdi.

Gepleşiklerden soňra ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. 20-den gowrak ylalaşyk gazanyldy. Olar söwda-ykdysady, ulag, ylym, bilim, medeniýet we beýleki ugurlary öz içine aldy. Iki ýurduň Prezidentleri bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra Prezidentler metbugat wekillerine ýüzlendiler.

TÜRKMEN LIDERI SAPARYŇ NETIJELERINE ÝOKARY BAHA BERDI

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. Sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşylandygyny bellän Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halkara we sebit meselelerinde garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini belledi.

Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigi, Gündogar-Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine uly ähmiýet beriljekdigini aýtdy. Bu ugurda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda gol çekilen Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lazurit) hem-de Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa geçelgeleriniň döredilmegi babatda pikir alşyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenbaşy porty bilen Baku/Alýat portlarynyň arasynda dürli derejede gatnawlaryň ýola goýulmagy üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, energetika hyzmatdaşlygy babatda energetika serişdelerini dünýa bazaryna çykarmakda köp taraplaýyn ulgamyň döredilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.

Türkmen Lideri energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, tehnologiýa we beýleki ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi. Türkmenistan we Azerbaýjanda degişlilikde söwda öýleriniň açylmagy, türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşiniň döredilmeginiň möhümdigini belledi.

AZERBAÝJAN LIDERINDEN ULAG HYZMATDAŞLYGYNA ULY GYZYKLANMA

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana resmi sapar bilen gelendigine uly şatdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim eden Aliýew Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin zerur infrastrukturany döredendigini belledi. Belent mertebeli myhman şu ýylyň maý aýynda Hazaryň iki kenarynda halkara portlaryň ulanmaga berlendigini, munuň Gündogar-Günbatar ugry boýunça ýük gatnawynyň ýola goýulmagyna uly mümkinçilik döredendigini aýtdy.

Ilham Aliýew saparyň çäklerinde gol çekilen 20-den gowrak resminamanyň iki ýurduň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ygrarlydygynyň subutnamasy bolandygyny aýtdy.

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *