07

“Mawy Ýüpek Ýoly” ynamly Durmuşa Geçýär

Energiýanyň ägirt uly gorlaryna, ýokary önümçilik we eksport mümkinçiliklerine eýe bolan Ata Watanymyz Türkmenistanyň başlangyçlary bilen taryhy ýüpek ýoly, energiýa mysalynda täzeden durmuşa geçýär. Sanlyja ýyl mundan ozal, asyryň taslamasy bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirirjisi durmuşa geçirilip, eýýäm on milliardlarça türkmeniň “mawy altyny” Hytaýa ugradylýan bolsa, häzirki döwürde, “mawy ýüpek ýolunyň beýleki bir şahasy”, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasy ynanmly durmuşa geçýär. 2015-nji ýylyň Dekabr aýynda bu taryhy taslamanyň Türkmenistan böleginip gurluşygyna badalga berlen bolsa, dün, bu taslama hakykata has ýakynlaşdy, Owganystan böleginiň gurluşygyna badalga berildi. TAPI ady bilen meşhur bolan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen, türkmen “mawy altyny” Pakistana we Hindistana ugradylar. Häzirki döwürde ýene bir ugra, Ýewropa ugryna türkmen gazyny ugratmak boýunça gepleşikler dowam edýär. Ýewropanyň tebigy gaz imporyna bolan islegini hasaba alanyňda, Ýewropaly hyzmatdaşlaryň gelejekde, özleriniň tebigy gaz, umuman alanyňda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin türkmen “mawy altynyna” bil baglamasy düşnikli bolýar. Däp bolup gelýän türkmen tebigy gazyny import edýän hyzmatdaşlary hem hasaba alanyňda, Ata Watanymyz Türkmenistandan göz baş alýan, “mawy ýüpek” ýoly, täze ugurlara, Türkmenistandan Hytaýa, Türkmenistandan Hindistana, şeýle hem, Türkmenistandan Ýewropa ugurlaryň goşulmagy bilen emele geler. Soňky döwürde emele gelýän bu üç ugryň tebigi gaz bazarlaryny gysgaçyk seljerenimizde, “mawy ýüpek ýolunyň” hakykata geçmek üçin gerekli bolan bazarlaryň bardygyny ynamly aýdyp bileris.

Hytaý 269 milliard kubmetr gaz import eder

BP kompaniýasynyň iň soňky maglumatlaryna görä, Hytaý 2040-nji ýylda jemi 620 milliard kubmetr tebigy gaz sarp etse gerek. Şol döwürde bu ýurdyň içerki gaz önümçiliginiň 351 milliard kubmetre barabar bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, Hytaý içerki gaza bolan islegini kanagatlandyryp bilmegi üçin jemi 269 milliard kubmetr tebigy gaz import etmeli bolar.

Hindistan 94 milliard kubmetr tebigy gaz import eder

Çaklamalara görä, 2040-nji ýylda Hindistanyň jemi 144 milliard kubmetr tebigy gaz sarp etmegine garaşylýar. Şol döwürde bu ýurdyň gaz önümçiligi 51 milliard kubmetre barabar bolsa gerek. Başgaça aýdanymyzda Hindistanyň tebigy gaz importy ýene 22 ýyldan ýyllyk 93 milliard kubmetrilik ululyga çykar.

Ýewropa Bileleşigi 383 milliard m3 gaz import eder.

Türkmen tebigy gazyna isleg bildirýän ÝB ýurtlarynyň 2040-nji ýylda tebigy gaza islegi 433 milliard kubmetre barabar bolmagyna garaşylýar. Şol döwre çenli bu ýurtlaryň tebigy gaz önümçiligi 2 esseden gowrak azalyp ýyllyk 50 milliard kubmetre barabar bolmagyna garaşylýar. Başgaça aýdanymzyda 2040-nji ýylda ÝB ýurtlarynyň tebigy gaz importy 383 milliard kubmetr bolsa gerek.

 

746 milliardlyk gaz söwdasy

“Mawy ýüpek ýolunyň” ugrundaky Hytaý, Hindistan we ÝB ýurtlarynyň 2040-nji ýyldaky tebigy gaz bazarlarynyň jemi ululygy 1 trillion 197 milliard kubmetre barabar bolmagyna garaşylýar. Şol döwürde global gaz bazarynyň ululygynyň 5,1 trillion kubmetre barabar bolmagyna garaşylýandygyny hasaba alanyňda, global gaz bazarynyň 20 göterimini bu ýurtlar emele getirer. Şonda, “mawy ýüpek ýolunyň ugryndaky” bu ýurtlaryň 2040-nji ýyldaky “mawy altyn” importy jemi 746 milliard kubmetre barabar bolsa gerek.

Geliň indi ýokardaky maglumatlar nukdaýnazardan dün bolup geçen, TAPI gaz geçirijiniň Owganystan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi bilen baglanşykly wakalara gysgaça ser salaýlyň!

  • Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi.
  • Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.
  • 2015-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi.
  • TOPH gaz geçirijisiniň ugrunda täze elektrik geçiriji ulgamyň çekiljekdigi hem bellärliklidir.
  • Gaz geçirijiniň ähli düzümleýin desgalaryny energiýa üpjünçiliginden başga-da, geljekki elektrik geçiriji ulgam elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik döreder.
  • Şol  ugur boýunça TOP optiki-süýümli ulgam geçiriler. Bu bolsa üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýalar ulgamynyň ösmegi bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder.
  • Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurulmagy hem-de işe girizilmegi barada aýdylanda bolsa, ol ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklarynyň, Türkmenistanyň Owganystanyň asuda ösmegine, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletleriň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
  • Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.
  • Gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýan «Galkynyş» käninden gözbaş aljak TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitde möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahat we durnukly ösüşi berkitmäge hem ýardam eder. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
  • Ýurdumyzyň  serhedinden Owganystanyň üsti bilen Pakistana çenli 814 kilometr aralyga optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çeker.
  • Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi ýaňy-ýakynda Owganystanyň Turgundy stansiýasyna çenli umumy uzynlygy 13 kilometr bolan demir ýoly hem düýpli abatlady we täzeden gurdy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, stansiýanyň geçirijilik kuwwaty has-da artyp, Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin ähmiýeti ýokarlandy. Owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmaga, daşary ýurt harytlaryny bolsa, gysga we amatly ýol bilen ýurda getirmäge mümkinçilik açyldy.
  • Netijede, goňşy Owganystanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine çykmak bilen, Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmegi üçin zerur şertler dörär.
  • Bu ýol doganlyk ýurdy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen birleşdirip, oňa deňziň üstünden Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä we Ýewropa döwletlerine çykmaga mümkinçilik berer.
  • Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika babatdaky özara hyzmatdaşlyk hem barha giň gerime eýe bolýar.
  • Owgan halky indi ençeme ýyllardan bäri türkmen elektrik energiýasyndan ýeňillikli şertlerde peýdalanyp gelýär.
  • Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada hökümetara Ylalaşygyna gol çekildi.
  • Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň baş şertlerine gol çekildi.
  • Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulyşyna, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň açylyşyna ak pata berdi.
  • Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary, Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy we Hindistanyň daşary işler döwlet ministri Serhetabat etrabyndan Owganystanyň Hyrat şäherine ugradylar, şol ýerde şu günki dabaralar dowam etdi.
  • Baýramçylyk çäreleri “Möwlana Jelaletdin Balh” kongresler merkezinde geçirildi. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Mohammad Aşraf Gani mähirli mübärekledi.

 

Dr. Döwran Orazgylyjow

Atawatan Türkmenistan halkara žurnalynyň baş redaktory

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *