07

Hindistan her ýyl 94 milliard m3 tebigy gaz import eder

Ertir Türkmenistan-Owganistan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň ikinji tapgyryna badalga beriler. “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşjagy bu taryhy ähmiýetli çäräniň öňisirasynda TAPI gaz geçiriji taslamasynyň ähmiýetini seljermek gyzykly bolsa gerek. Gaz geçirijiniň Atawatanymyz üçin hem sebit ýurtlary üçin hem örän ähmiýetlidigini bellemek bilen bugünki makalamyzda  Hindistanyň gaz bazaryny gysgaça seljermek we türkmen “mawy altynynyň” Hindistanyň gaz bazaryndaky täsiri barada durup geçmek isleýäris.

Geliň bular barada iň täze halkara maglumatlary bilelikde seljereýliň! BP kopmaniýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 20-nji Fewralynda halk köpçüligine ýetirilen “ BP Energy Outlook-2018 Edition” maglumatnamasynda bellenişine görä, Hindistanyň energiýa bazarynyň 2040-nji ýyla çenli her ýyl ortaça 4,2 göterim ösmek bilen jemi  165 göterim ösmegine garaşylýar. Şonda şol döwürde Hindistan dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 11 göterimi sarp eder. Hindistanda häzirki döwürde her ýyl ortaça 724 million şertli nebite deň energiýa serişdeleri sarp edilýän bolsa bu görkezijiniň 2040-nji ýylda 1 milliard 921 million tonna şertli nebite deň bolmagyna garaşylýar.

Tebigy gazyň paýy artýar

Hindistanda häzirki döwürde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň arasynda tebigy gazyň paýy 6 göterime deň. 2040-nji ýyla çenli döwürde gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň arasynda diňe tebigy gazyň paýynyň artmagyna garaşylýar. Şonda 2040-nji ýylda Hindistanda sarp edilýän energiýa serişdeleriniň arasynda tebigy gazyň paýynyň 7 göterime çenli artsa gerek. Şol döwüre  çenli Hindistanda sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 2,6 esse artjakdygyny hasaba alanymyzda tebigy gazyň sarp edilişiniň örän ýokary derejede artjakdygy düşnikli bolýar. Deňeşdirmek üçin häzirki döwürde Hindistanda nebitiň paýy 29 göterim bolsa, 2040-nji ýylda bu görkezijiniň 25 göterime çenli, kömriň paýynyň bolsa, 57 göterimden 50 göterime çenli azalmagyna garaşylýar. Alternatiw energiýa çeşmeleriniň paýynyň bolsa 2 göterimden 13 göterime çenli artmagyna garaşylýar.

Hindistanyň tebigy gaz bazary 3 esse öser

Häzirki döwürde Hindistanda her ýyl ortaça 50 milliard m3 tebigy gaz sarp edilýär. Maglumatnamada bellenişine görä, bu görkeziji 2040-nji ýylda 145 milliard kubmetre barabar bolsa gerek. Şonda Hindistanyň tebigy gaz bazary her ýyl ortaça 4,5 göterim öser. Şol döwre çenli global gaz bazarynyň her ýyl ortaça 1,6 göterim ösjekdigini hasaba alanymyzda Hindistanyň gaz bazarynyň ösüş depginiň ähmiýeti düşnikli bolýar.

Şol döwüre çenli Hindistan içerki gaz önümçiligini artdyrmak isleýän bolsa hem, importa bil baglamaly bolar. Bu ýurt häzirki döwürde 32 milliard m3 tebigy gaz öndürýän bolsa, 2040-nji ýyl önümçilik meýilnamasy 51 milliard m3-e barabar. Ýagny içerki gaz önümçiligi degişli döwürde her ýyl ortaça 2,9 göterim öser.

Tebigy gaz importy 5 esse artar

Ertir TAPI gaz geçiriji taslamasynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga beriler. Ýene sanlyja ýyldan bu gaz geçirijiniň üsti bilen her ýyl milliardlarça metrkub türkmeniň “mawy altyny” Pakistana we Hindistana ugradylar. Şonda esasan hem Hindistan özüniň artan tebigy gaz isleginiň bir bölegini türkmen tebigy gazy bilen kanagatlandyrar. Maglumatnamada bellenişine göre, häzirki döwürde Hindistan her ýyl ortaça 19 milliard m3 tebigy gaz import edýän bolsa bu görkeziji ýene 22 ýyldan ýyllyk 94 milliard kubmetre çenli artsa gerek.  Ýagny, Hindistan, her ýyl goşmaça  75 milliard kubmetre barabar tebigy gaz import etmeli bolar. TAPI gaz geçirijiniň kuwwatlygynyň ýyllyk 33 milliard kubmetre barabar bolmagyna garaşylýar. Emma, bu gaz geçirjiden akjak tebigy gazyň bir bölegi Pakistanda sarp ediler. Şol sebäpli  ýene sanlyja ýyldan biz belkide  TAPI-2 barada gürrüň etmeli bolarys!  

Dr. Döwran Orazgylyjow

“Atawatan Türkmenistan”

 halkara žurnalynyň baş redaktory

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

 

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *