07

“Aşgabat 2017” oýunlary dünýä ýaň saldy

2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünliklere beslendi. 12 günläp dowam eden täsirli sport ýaryşlary Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Sportuň 21 görnüşi boýunça çekeleşikli, gyzykly hem-de täze rekordlara baý bolan ýaryşlar Aziýada, Okeaniýada we ondan-da uzakdaky ýurtlarda göni ýaýlymda görkezildi.

Müňlerçe myhmanlar Aşgabat şäheriniň dürli öwüşginli Olimpiýa şäherçesinde ýokary ülňülere laýyk gelýän sport çärelerine şaýat boldular. Sportuň 21 görnüşi boýunça, şol sanda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen göreş sporty, futzal ýaryşlary, 3x3 basketbol, atly sport (konkur), tennis, jiu-jitsu, kuraş, sambo we beýleki sport ýaryşlarynda ençeme medallar gazanyldy, goýlan täze rekordlar dünýäni haýrana galdyrdy hem-de dostlukly aragatnaşyklar ýola goýuldy.

Mälim bolşy ýaly, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň çäklerindäki ýaryşlarda 37 rekord goýuldy, olaryň 11-si Okeaniýanyň, 1 Aziýanyň hem-de ýene-de biri dünýäniň rekordy boldy. Eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi Oýunlaryň iň ýatdan çykmajak pursatlaryny tomaşaçylara sowgat berdi. Moradi erkekleriň arasynda 94 kg agyrlyk derejesinde göteren 413 kg agramy boýunça 18 ýyldan soňra täze dünýä rekordyny goýmagy başardy.

Medallaryň sanawynda Türkmenistan döwleti Oýunlaryň başlan gününden tä tamamlanýança birinjilikde boldy. Türkmen türgenleri Oýunlaryň ilkinji günlerinde ençeme medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler we 89 altyn medaly gazandylar. Şolaryň 39-sy guşakly göreş sporty, 23-si türkmen milli göreşi boýunçadyr. Jemi medallaryň sany bolsa, Oýunlaryň ahyrynda 245-e deň boldy. 

Başda öz ukyplaryny doly görkezmedik hytaýly türgenler, Oýunlaryň dowamynda güýjüni jemläp, jemi 42 altyn medaly gazanmagy başardy. Aýratyn-da, gysga aralyga ýüzmek, tans sporty, agyr atletika hem-de bilýard sportlary boýunça hytaýly türgenler has-da tapawutlandy.

Eýran medallaryň sanawynda üçünji orny eýeledi. Bu ýurtdan gelen türgenler jemi 36 altyn medalyň eýesi boldular. Olaryň güýçli taraplary sport göreşi, taekwondo hem-de erkekleriň arasynda futzal ýaryşlary bolup çykdy.

Uly göwrümli sport çäresiniň wajyp pursatlarynyň biri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek elektron sporty boýunça görkezme ýaryşlarynyň geçirilmegidir. 

Oýunlara gatnaşan bosgun topary açylyş dabarasynda hem-de Ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Türkmenistan ýurdunyň “altyn medalçy ýigidi” adyny bolsa Seýdi Batyrowa berip bilýäris. Ol jemi 6 sany altyn medal gazanmagy başardy.

Türkmenistanda geçirilen yklymyň iri sport ýaryşy bolan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegi dünýäniň belli syýasatçylarynyň hem-de köp sanly ýokary derejeli sport guramalarynyň wekilleriniň öwgüsine mynasyp boldy.

Belli syýasatçylaryň we sport wekilleriniň Aşgabat Aziadasy barada aýdanlaryndan:

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin:

- Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Bu Aşgabadyň we tutuş ýurduň köp wagtlap taýýarlyk gören we uly işleri geçiren ägirt uly wakasy boldy. Geljekde-de halkara ýaryşlary geçirmek boýunça Türkmenistanyň ähli meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine, şeýle hem toplanan tejribäniň we döredilen sport düzümleriniň netijeli peýdalanyljakdygyna pugta ynanýaryn.

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron:

- Türkmen paýtagtynda şeýle möhüm çäräniň geçirilmegi şol 11 günüň dowamynda Aşgabady Aziýanyň sport paýtagtyna öwrüp, yklymyň çäginden çykdy hem-de tutuş dünýäniň sport muşdaklarynyň ünsüni Türkmenistana gönükdirdi, olar bu oýunlar arkaly Siziň ýurduňyzyň tebigat gözelliklerini we mirasyny özleri üçin açdylar, şeýle hem türkmen halkynyň däp bolan myhmansöýerligini duýdylar.

Siz Okeaniýanyň 19 ýurdunyň we çäkleriniň wekiliýetlerini bu oýunlara gatnaşmaga çagyrdyňyz we şunuň bilen baglylykda, Ýuwaş ummanynda ýerleşýän ýurdumyza degişli iki çägiň – Fransuz Polineziýasynyň hem-de Täze Kaledoniýanyň türgenleriniň -  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Fransiýa Respublikasyna wekilçilik edendiklerini bellemäge şatdyryn.

BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençe:

- Aşgabatda geçirilen ýaryşlaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň gowy ýaryşlar boldy, olaryň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrdy. Bu waka Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň täze ugurda – sport boýunça giň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň başlangyjy bolar. Şeýle derejedäki wakalar halkara hyzmatdaşlygyny giňeldip, dostlukly we işewür gatnaşyklaryny berkitmäge, sebitde we dünýäde ynanyşmagy we özara düşünişmegi ýola goýmaga ýardam edýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew:

- Aşgabatda geçirilen sebit we halkara ähmiýetli maslahatlara taýýarlyk görlende Türkmenistanyň öz wezipesini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli, başlangyçlar bilen çemeleşýär. “Aşgabat 2017” oýunlary hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi hem-de dünýäde uly seslenme döretdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew:

- "Aşgabat 2017" oýunlary parahatçylyga, dostluk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde işjeň we oňyn hyzmatdaşlyk etmäge açyklygynyň nusgasyny görkezýän örän uly taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Olimpiýa hereketiniň ynsanperwer maksatlaryna ýetmekde türkmen Lideriniň aýratyn şahsy goşandy uludyr.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon:

- Şeýle ägirt uly çäreleriň geçirilýän ýeri bolan, Türkmenistan halkara sport merkezleriniň birine öwrülýär. Bu bolsa türkmen Lideriniň bu ugurda amala aşyrýan giň möçberli işleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani:

- Türkmenistan bu oýunlara uly sport baýramçylygy hem-de Aziýa yklymynyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen örän iri jemgyýetçilik-syýasy waka hökmünde taýýarlyk gördi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýin:

- “Aşgabat 2017” oýunlary uly üstünliklere beslendi. Dostlukly halkara gatnaşyklarynyň, dünýä möçberinde ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän şeýle çäreler diňe bir sebit derejede çäklenmeýär.

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon:

- “Aşgabat 2017” oýunlary Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrdy. Şeýle möçberdäki çäreleriň guralmagy hem-de geçirilmegi dürli derejede halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, dostlukly we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde hem-de dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga ýardam berýär.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan:

- Tutuş dünýäde Türkmenistanyň häzirki döwürde täze gazanýan üstünliklerine yzygiderli syn edilýär we ýurtda ähli ugurlary, şol sanda sporty ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli oňyn özgertmeler uly goldawa eýe bolýar. Aşgabatda bina edilen ajaýyp Olimpiýa şäherçesiniň dünýä derejesindäki sport desgalary has-da haýran galdyrýar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew:

 - Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň türgenleriniň iki ýurtda geçirilýän ýaryşlara däp boýunça işjeň gatnaşýarlar. Aziada-2017–niň ýaryşlary sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda nobatdaky ädime öwrüldi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow:

-  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralary mende uly täsir galdyrdy. türkmen sporty hil taýdan täze sepgitlere çykdy, Türkmenistan iri möçberli halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Bularyň ählisi Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň örän ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigine şaýatlyk edýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ýygnagynyň (Milli Mejlisiniň) başlygy Oktaý Asadow:

-  “Aşgabat 2017” oýunlary abadançylyk hem-de ählumumy ösüş ugrunda çykyş edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny artdyrdy. Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçirilmeginiň özi sporty hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde türkmen Lideriniň örän uly hyzmatynyň ykrar edilmegine aýdyň şaýatlyk edýär. Olimpiýa stadionynda açylyş dabarasynyň ajaýyp guralmagy, olara taýýarlyk görmek boýunça geçirilen ähli işler ýokary baha mynasypdyr.

Tokiodaky Olimpiýa, Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ygtyýarly wekili, ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiaki:

- Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berilmegi bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy maslahatynda türkmen tarapynyň başyny başlan Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedir.

Gruziýa Respublikasynyň Parlamentiniň başlygy Irakli Kobahidze:

- Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup görmäge şatdyryn, türkmen döwleti dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna girdi hem-de sport döwleti hökmünde öz kuwwatyny ynamly äşgär edýär.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah:

- Ine, “Aşgabat 2017” oýunlary tamamlandy, emma biz bu ýerde geçiren ajaýyp wagtymyzy hiç wagt ýatdan çykarmarys. Oýunlar uly üstünliklere beslendi. Bularyň ählisi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasatynyň we ünsüniň netijesidir.

Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy jenap Robin Mitçell:

- Türkmen sporty ýokary ösüş depginlerine eýedir. Bu ugruň ösdürilmegine ägirt uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy uludyr. Aziýa ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň eýelän medallarynyň sany boýunça birinji orna düşmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow (Russiýa):

- Aşgabat Aziadasy sambo ýaryşlary boýunça aýgytly boldy. Bu ýerde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde sambo Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy. Men sambo muşdaklaryny sportuň şu görnüşinde täze sahypanyň açylmagy bilen gutlamak isleýärin. Kabul edilen şanly çözgüt sambonuň olimpiýa geljegine-de ep-esli derejede täsir eder. Indiki ýyl bu söweş sungatynyň döredilmegine 80 ýyl dolýar, dünýäniň samboçylary bu şanly senäni 2018-nji ýylyň dekabrynda Jakartada geçiriljek ýaryşlarda giňden belläp bilerler.

Bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe:

- Bu oýunlar Türkmenistana dünýäniň sport giňişliginde giň möçberli ýaryşlary guramaga ukyply ýurt hökmünde mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň goldaw bermegi we myhmansöýerligi netijesinde, bu oýunlara Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşandygy aýratyn şatlykly ýagdaýdyr. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen Aziýa oýunlarynyň Siziň ýurduňyzyň ak mermerli paýtagtynda geçirilmegi dünýä sportunyň mundan beýläk-de ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Aşgabatda geçirilen oýunlara tutuş dünýäniň ýurtlarynyň üçden bir böleginiň gatnaşmagy asylly parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriň aýdyň netijesidir. Bu oýunlaryň Ýer ýüzünde parahatçylygyň üpjün edilmeginde, halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ägirt uly ähmiýeti bolar. 

Kaynak : Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

 

 

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *